Top.Mail.Ru

«Emin hyzmat» kompaniýasy syýahatçylyk hyzmatlarynyň bitewi toplumyny hödürleýär

10:0103.10.2024
0
9129

Aşgabatda täze «Emin hyzmat» syýahatçylyk kompaniýasynyň açylyş dabarasy boldy. Täze kompaniýa dünýä ýüzüne syýahatçylyk saparlaryny göwnejaý guramaga ýardam edýän hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

- wiza resmileşdirmekde goldaw bermek. Kompaniýa dünýäniň dürli ýurtlaryna wiza almaga ýardam edýär.

- awiapetekler. Dünýäniň öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň howa gatnawlary üçin awiapetekleri bronlamak.

- myhmanhana bronlamak. Myhmanhanalaryň amatly ýaşaýyş şertli görnüşinden başlap, kaşaň bäş ýyldyzly görnüşine çenli dürli hilisini saýlamak we bronlamak.

- Ulagda eltmek hyzmaty. Howa menzilinden myhmanhana we gaýdyşyn, şeýle hem şäheriň içinde hem-de şäherleriň arasynda islendik ýerlere ulagda eltmek hyzmatlaryny guramak.

- ýörite gezelenç saparlary. Özbaşdak syýahatçylyk maksatnamalaryny, şol sanda maşgala dynç alyşlaryny we oturylyşyk çärelerini taýýarlamak.

- gämide syýahat etmek. Dürli deňizlerde we ummanlarda gämi syýahatyny bronlamak.

«Emin hyzmat» kompaniýasynyň ofisinde «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň petekleriniň resmi satuw kassasynyň açylmagy aýratyn bellärliklidir. Bu bolsa kompaniýanyň müşderilerine dünýäniň iň uly howa gatnawlaryny guraýan awiakompaniýalarynyň biriniň hyzmatlaryna gönüden-göni elýeterliligi üpjün edýär.

Müşderilere has amatly bolmagy üçin kompaniýa habarlaşmak üçin birnäçe telefon belgisini belläp geçýär:

(+993 12) 28 62 26
(+993 12) 28 62 28
(+993 12) 28 74 44
(+993 71) 00 21 21

«Emin hyzmatyň» ofisi şu salgyda ýerleşýär: S.Myradow köçesiniň 3A jaýy. Müşderiler kompaniýa bilen şeýle hem eminhyzmat@mail.ru elektron poçta salgysy arkaly ýa-da sosial media ulgamyndaky sahypasyna girip habarlaşyp bilerler.

Syýahat etmek «Emin hyzmat» bilen indi örän aňsatlaşdy!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň