Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan özbek ýer hozuny esasy import edijileriň biri boldy

16:3902.10.2024
0
6189
Türkmenistan özbek ýer hozuny esasy import edijileriň biri boldy
Surat: stat.uz

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistandan ýer hozuny (arahis) import etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy. Has takygy, hasabat döwründe Özbegistanyň ýer hozunyň importynyň 6,3 göterimi Türkmenistanyň paýyna düşýär.

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistan goňşy ýurtdan iň köp ýer hozuny satyn alan altynjy döwlet boldy. Şu ýylyň 8 aýynda türkmen bazary üçin Özbegistandan import edilen ýer hozunyň umumy möçberi 347 tonna deň bolupdyr.

Sanawyň ilkinji bäşliginden Azerbaýjan (1 müň tonna), Russiýa (892 tonna), Gazagystan (707 tonna), Gyrgyz Respublikasy (558 tonna) hem-de Pakistan (455 tonna) orun alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar — awgust aýlarynda Özbegistanyň ýer hozunyň eksportynyň umumy möçberi 5,5 müň tonna barabar bolupdyr. Ýer hozunyň eksportynyň umumy bahasy bolsa 7,4 million amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 73,7 göterim köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň