Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Medeni gatnaşyklar: türkmen žurnalistleri özleri üçin Izmiri täzeden açýarlar

16:1702.10.2024
0
7048

Türkiýä amala aşyrylan saparyň üçünji gününde türkmen žurnalistlerinden ybarat bolan wekiliýet Izmiriň we onuň eteginde ýerleýän ajaýyp ýerlere diýseň gyzykly gezelenç etdi.

«Türkmenportalyň» habarçysynyň habar berşi ýaly, žurnalistler «KZM Urla» atly Zeýtun ýagynyň muzeýine baryp gördüler, ol ýerde myhmanlar sebitde zeýtunyň miwesini işläp taýýarlamagyň müň ýyllyk taryhy bilen tanyşdylar. Türkmen wekiliýeti ýaşy 1000 ýyl töweregi bolan zeýtun agajynyň muzeýde eksponat hökmünde goýlan köküni haýran galmak bilen synladylar.

Syýahatyň indiki nokady dünýäniň gadymy binagärlik merjeni hasaplanýan Efes şäheri boldy. Žurnalistler meşhur Artemida ybadathanasy, Selsiýa kitaphanasy ýaly gadymy döwrüň uly ymaratlarynyň harabalyklaryna aýlanyp gördüler.

Gezelenç datly tagamlary taýýarlamak däpleri, şeýle hem çakyr önümçiligi bilen meşhur bolan ajaýyp Şirinje obasynda tamamlandy. Bu ýerde biziň žurnalistlerimiz Türkiýäniň gözel künjeginde ýerleşýän obanyň myhmansöýerlik gurşawyna maýyl bolup, ýerli tagamlardan lezzet aldylar.

Dürli täsirlere baý bolan syýahat türkmen žurnalistlerine Egeý sebitiniň medeni baýlygy barada has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berdi, elbetde, ol Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ozal biz Türkmenistanyň esasy habarlar saýtlarynyň ýedi žurnalistinden ybarat bolan wekiliýetiň Türkiýäniň Izmir şäherine medeni-ynsanperwer saparyny dowam etdirýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň