Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mermer et önümçiligi ýokarlanýar

13:1302.10.2024
0
5441

Türkmenistanda maldarçylygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň çäklerinde käbir tohum mallardan ýokary hilli mermer et öndürmek boýunça telekeçilik işi işjeň ösdürilýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berlişi ýaly, içerki bazary et we süýt önümleri bilen üpjün edýän esasy kompaniýalaryň biri-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Ajaýyp ussat – halal önümler» Hojalyk jemgyýetidir. Ýurt Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde kärhana öz önümlerini, şol sanda et önümlerini görkezdi.

2015-nji ýylda işe girizilen maldarçylyk toplumynda ýokary öndürijiligi we gowy süýtlüligi bilen tanalýan naýbaşy golştin sygyrlary ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, bu ýerde garaköli we saryja tohumly goýunlar ösdürilip ýetişdirilýär.

«Ajaýyp ussat – halal önümler» kärhanasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, golştin sygyrlary dürli iýmit şertlerine gowy uýgunlaşýarlar. Ýokary süýtlüligi onuň dükanlara we ýöriteleşdirilen kärhanalara iberilmegini üpjün edýär.

2018-nji ýylda mermer et, şeýle hem ýokary hilli sygyr etini öndürmek üçin täze toplum açyldy. Bu maksat bilen Şotlandiýada ýetişdirilýän aberdin-angus tohumly 60 baş gara mal Germaniýadan, soňra bolsa Russiýadan satyn alyndy.

Häzirki wagtda fermanyň 10 müň gektar ýerinde ýokary hilli süýt we golştin hem-de simmental tohumly gara mallardan ýokary hilli et önümleri öndürilýär. Mermer et aberdin-angus tohumly mallardan alynýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň