Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti ABŞ-da saparda bolýar

10:3702.10.2024
0
3854

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna resmi sapary başlandy. Bu barada HHM habar berýär.

Bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň düzümine Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektorlary, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň wekilleri gatnaşyp, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew wekiliýete ýolbaşçylyk edýär.

Saparyň dowamynda ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Bilim we medeni meseleler boýunça býurosynyň wekilleri, şeýle hem ABŞ-nyň öňdebaryjy bilim edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçiriler.

Saparyň esasy maksady bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we okuw saparlaryny ösdürmek, şeýle hem 2023-nji ýylda gol çekilen Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde täze başlangyçlary girizmek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly meseleleri gözden geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem wekiliýet Türkmenistanda amerikan uniwersitetleriniň şahamçalaryny döretmek we hünärmenlerini taýýarlamak boýunça geljekki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.

Saparyň esasy duşuşyklaryň biri hem Kent döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçiriler. 1910-njy ýylda esaslandyrylan bu uniwersitet bilim, işewürlik we tehnologiýa boýunça innowasion maksatnamalary bilen tanalýan ABŞ-nyň iň uly we abraýly döwlet bilim edaralarynyň biridir. Duşuşygyň barşynda Kent uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekmek meýilleşdirilýär. Bu Ähtnamalar ileri tutulýan ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk üçin hukuk esasy bolup, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky bilim gatnaşyklaryny berkitmäge itergi berer.

Mundan başga-da, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Kent uniwersitetiň wekilleriniň, türkmen talyplarynyň we türkmen diasporasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Çäreleriň dowamynda şahyryň goşgularyny okamak, şeýle hem türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek ýaly döredijilik çykyşlary göz öňüne tutulýar.

Bu sapar Amerikanyň bilim edaralary bilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygyň esasyny döreder, Kent uniwersiteti bilen özara düşünişmek Ähtnamalaryna gol çekilmegi bolsa Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açar diýip, çeşme belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň