Top.Mail.Ru

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylary hem-de işgärleri Türkmenistanyň medallary bilen sylaglandy

10:5228.09.2024
0
8179

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda degişli Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Permanda bellenilişi ýaly, resminama harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watana, merdana türkmen halkyna köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendikleri, çeken halal we göreldeli zähmeti, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň