Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar futbol ýygyndysy 2025-nji ýyldaky Aziýa kubogynyň saýlama tapgyrynyň ilkinji oýnunda ýaponiýaly deň-duşlaryndan utuldy.
Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşyň ýer eýesi bolan Gyrgyzystanyň, Ýaponiýanyň we Mýanmanyň ýygyndylary bilen birlikde «I» toparyna düşdi.
Ilkinji oýunda Türkmenistan Ýaponiýa bilen duşuşdy. Duşuşyk 0:2 hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeňlişi bilen tamamlandy. Ýaponiýanyň ýygyndysynyň hatarynda onuň hüjümçisi Soma Kanda derwezeden iki pökgi geçirip, tapawutlanmagy başardy.
Türkmenistanyň ýygyndysy indiki oýnuny 27-nji sentýabrda Gyrgyzystana garşy geçirer. Türkmenistan üçin saýlama ýaryşy 29-njy sentýabrda Mýanma bilen boljak duşuşyk bilen tamamlanar.