Top.Mail.Ru

«Seem Trading Corporation» söwda-logistika kompaniýasy ABŞ-dan Türkmenistana amatly daşamalary hödürleýär

09:5424.09.2024
0
10280

Nýu-Ýorkda ýerleşýän «Seem Trading Corporation» söwda-logistika kompaniýasy ABŞ-dan Türkmenistana harytlary getirmekde özboluşly daşama hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýa ABŞ-nyň çäginde işleýän Türkmenistandan ilkinji logistika operatory bolmak bilen, islendik resmi amerikan web saýtyndan harytlary satyn alyp bermek hyzmatlaryna ýöriteleşendir.

Täze kompaniýanyň tapawutly aýratynlygy harytlary satyn almakda ýygymynyň ýoklugydyr. Munuň ýerine müşderiler diňe satyn alan harydynyň bir kilogramy üçin bellenen möçberde daşama hyzmatynyň tölegini töleýärler. Bu bolsa kompaniýanyň hünärmenleriniň belleýşi ýaly, olaryň ýetirýän hyzmatlaryny bazarda has-da amatly edýär.

Hödürlenilýän hyzmatlaryň hatarynda — howa we gury ýer ulaglary arkaly uly hem-de kiçi göwrümli ýükleri daşamak, ABŞ-da müşderileriň gyzyklanmalaryny hödürlemek, şeýle hem diplomatik we hökümet ähmiýetli ýükleri daşamak hyzmaty bar.

«Seem Trading Corporation» öz esasy artykmaçlyklary barada şeýle belläp geçýär: nyrhlandyrmakda aýdyňlyk, daşama hyzmatynyň ygtybarlylygy we işiň netijeliligi.

Kompaniýa bilen habarlaşmak üçin müşderiler ABŞ-nyň aragatnaşyk belgisi boýunça: +1 (929) 527 7422 belgisine ýa-da Aşgabatdaky wekil bilen (+993 64) 02 25 80 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilerler. Kompaniýanyň sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň