Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Global logistikada zähmet ýoly: «Shift Global» Türkmenistan boýunça wekil gözleýär

15:2923.09.2024
0
12647

«Shift Global» halkara ulag-logistika kompaniýasy Türkmenistan boýunça wekil wezipesinde işlemek üçin tejribeli hünärmen gözleýändigini habar berdi. Bütin dünýäde ulag we logistika pudagynda baý tejribä eýe bolan kompaniýa türkmen bazarynda mümkinçiliklerini giňeltmäge synanyşmak bilen, sebitde kompaniýanyň ýüzi bolmaga taýýar başarjaň hünärmeni işe almagy meýilleşdirýär.

Geljekki wekiliň esasy jogapkärçiligi kompaniýanyň Türkmenistandaky bähbitlerine wekilçilik etmegi, müşderiler we hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklary ösdürmegi hem-de goldamagy, logistika amallarynyň utgaşdyrylmagyny we täsirli bolmagynyň üpjün edilmegini öz içine alýar.

«Shift Global» kompaniýasy dalaşgärden şulara garaşýar:

- logistika pudagynda iş tejribesiniň bolmagy. Logistika ýa-da halkara ýük daşamalar pudagynda üstünlikli iş tejribesiniň bolmagy hünärmen üçin örän wajyp.

- ýerli bazaryň ösüşini bilmek. Türkmen bazarynyň aýratynlyklaryna, şol sanda kanunçylyk esaslaryna we biznes gurşawyna çuňňur düşünmek.

- ösen aragatnaşyk etmek başarnyklary. Müşderiler, hyzmatdaşlar we kärdeşler bilen netijeli aragatnaşyk saklamak ukyby.

- müşderiler gorunyň bolmagy. Eýýäm gepleşikler geçirilen ýa-da deslapky şertnamalar bolan potensial müşderileriň sanawynyň bolmagy.

Kompaniýa dalaşgär saýlanylanda onuň iňlis we hytaý dillerini bilmegi, şeýle hem Hytaýdan ýük daşamakda tejribesiniň bolmagy ýaly aýratynlyklaryň peýdaly artykmaçlyklar hasaplanyljakdygyny belleýär.

Zerur başarnyklary bolan gyzyklanma bildirýänler rezýumesini kompaniýanyň elektron poçta salgysyna iberip bilerler: info@shiftglobal.net.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň