Top.Mail.Ru

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:0023.09.2024
0
8175

Daşary ýurt ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutladylar, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistanda «Voyah» gibrid krossoweri tanyşdyryldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 43 ýaşyny doldurdy. Döwlet Baştutanyny ýaş toýy bilen ilkinji bolup türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlap, ýurduň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilen özgertmelerinde üstünlikleri arzuw etdi.

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli daşary ýurt ýolbaşçylaryndan köp sanly gutlaglar gelip gowuşýar. Döwlet Baştutanyny Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, HHR-niň Prezidenti Si Szinpin, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan gutladylar. Olaryň ählisi Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ösüşine goşan möhüm goşandyny bellediler we oňa mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyryp, täze «akylly» şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy. Saparyň dowamynda işlenip taýýarlanan «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» aýratyn üns çekildi. Onda şäheri ähli ugurlarda ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenýär hem-de ol häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna we innowasion tehnologiýalara esaslanýar.

4. 24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Eýýäm ýurduň ähli sebitlerinden wekiller milli ähmiýetli meseleleri çözmek we ýurduň gülläp ösmegine hem-de halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen Prezident maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşmak üçin paýtagta geldiler. Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan wekiliýetler ýörite goýlan otlular bilen, Daşoguz welaýatyndan wekiller bolsa ýörite howa gatnawy arkaly paýtagta geldiler.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň Prezidenti türkmen kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Serdar Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini oktýabr aýynda Russiýada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine çagyrdy.

6. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy – Watanymyzyň şöhraty» mowzugy bilen muzeý gymmatlyklarynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň maksady türkmen halkynyň agzybirligini görkezmek we myhmanlary seýrek muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrmak. Gymmatlyklaryň arasynda muzeýde saklanýan Prezidente iberilen sowgatlar bar. Şeýle hem sergi meýdançasynyň ähli ýerinde Türkmenistanyň meşhur binalarynyň kiçeldilen nusgalary görkezilýär.

7. Türkmen awtoulag bazarynyň üsti täze premium awtoulag brendi bilen ýetirildi. Aşgabatda Hytaýyň premium brendi bolan «Voyah»-yň ilkinji awtosalonynyň açylyş dabarasy we «Voyah Free» flagman gibrid krossoweriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Awtosalon Aşgabat şäherinde şu salgyda ýerleşýär: G.Kulyýew köçesi 1/1, Şanly bedew awtoulag hyzmat ediş merkezi.

Dünýäde

8. Şu güýzde Ýeriň ýaşaýjylary adaty bolmadyk astronomiki hadysa şaýat bolarlar – planetamyzyň gysga wagtlyk ikinji tebigy hemrasy peýda bolar. Şäher awtobusynyň ululygyndaky asteroid Ýeriň dartyş meýdanynyň täsirine düşer we iki aýlap onuş daşyndan aýlanar. Gözlegiň netijesine görä, asteroid 29-njy sentýabrdan 25-nji noýabr aralygynda Ýeriň orbitasynda bolar we «kiçi Aýa» öwrüler. Bu döwürden soň ol Günüň daşyndan aýlanýan asteroidler guşagyna gaýdyp barar.

9. Alymlar sowuga garşylygy ýokarlandyrmak üçin adaty hytaý lukmançylygynda köpden bäri ulanylýan goji miweleriniň hakykatdan hem bedende ýylylyk önümçiligini artdyrmak ukybynyň bardygyny anykladylar. Gözleglere laýyklykda, bu miweler bedene sowuk sebäpli döreýän stressi ýeňip geçmäge netijeli kömek edýär. Syçanlarda geçirilen synaglar goji miwelerindäki polisaharidleri uzak wagtlap sarp etmegiň pes temperatura şertlerinde bedeniň kadaly temperaturasyny saklamaga kömek edýändigini görkezdi.

Sport habarlary

10. Türkmenistanyň wekili Dawut Nazmyradow Hytaýyň Hançžou şäherinde tamamlanan WKF-niň karate boýunça 20-nji Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi boldy. Türgen 75 kilograma çenli agram derejesinde erkekleriň arasynda kumite ugry boýunça üstünlik gazandy, bu ýerde 19 türgen baýrak ugrunda bäsleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň