Top.Mail.Ru

21-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

09:0023.09.2024
0
5789

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 736 adamyň günäsini geçdi, Aşgabatda 13 sany täze ýaşaýyş jaýy açyldy, Türkmenistan Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada taýýarlyk görüp başlaýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň iş kesilen 736 raýatyň ýurduň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekmegi möhüm ähmiýetli çözgütleriň biri boldy. Serdar Berdimuhamedow günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek tabşyryldy.

3. Mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Permana gol çekildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 1146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Olar 29 milletiň wekilleri bolup durýar.

4. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek hakynda Karara gol çekdi. Bellenilişi ýaly, daşary ýurt raýatlarynyň 134-siniň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alyndy. Olar dünýäniň 6 döwletiniň raýatlaryndan, 15 milletiň wekillerinden ybarat. Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak dabarasyny ýakyn günlerde Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

5. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabadyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýy we seýilgäh dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. 9 gatly, her biri 54 we 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda döwrebap binagärlik çözgütleri peýdalanylypdyr. Binalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylyp, rahat ýaşaýyş üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Çagalaryň dynç almaklary üçin ýaşyl zolaklary bolan amatly seýilgäh gurlupdyr.

6. Türkmenistanyň Prezidenti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy geçirmek boýunça döwlet guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu çäräni şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

7. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda meşhur fransuz-ermeni şansonýesi Şarl Aznawuryň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler. Çäre Mukamlar köşgünde guralar. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri döredijiligi Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky medeni köpriniň nyşanyna öwrülen dünýä belli artistiň eserlerini ýerine ýetirer. Konsertiň maksatnamasy Aznawuryň simfoniki taýdan gaýtadan işlenen iň meşhur kompozisiýalaryny öz içine alar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda Ermenistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler, bu çäre ermeni medeniýetine we taryhyna bagyşlanan dürli çäreleri öz içine alar.

Dünýäde

8. Kosmonawtlar Oleg Kononenko we Nikolaý Çub kosmos uçuşlarynyň taryhynda täze sepgide ýetdiler. 20-nji sentýabrda Aşgabat wagty bilen 18:06:51-de olar Halkara kosmos stansiýasynda geçirilen bir missiýanyň dowamlylygy boýunça ozalky rekordy täzelediler. Kononenko we Çub öz missiýasyny 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda başladylar. Olar 23-nji sentýabrda Ýere dolanyp, rekord missiýany tamamlarlar.

9. Beýik Britaniýadan bir maşgala 7 ýaşly ogullary Loki Skaýuoker Moubreý üçin daşary ýurt pasportyny resmileşdirýärkäler garaşylmadyk bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýurduň Içeri işler ministrligi ilki «Disney-iň» awtorlyk hukugynyň bozulandygyny görkezip, resminama bermekden ýüz öwürdi. Ozalky harby gullukçylar bolan Lokiniň ene-atasy Kristian we Bekki Moubreý ogullarynyň ikinji adyny «Ýyldyz söweşleri» filminiň gahrymany Lýuk Skaýuokeriň hormatyna saýlapdyrlar. Oglanjyk 4-nji maýda, janköýerleriň «Ýyldyz söweşleri» gününi belleýän güni dünýä indi.

Sport habarlary

10. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary 2028-nji ýylda Los-Anjeles şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna işjeň taýýarlyk görüp başlarlar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa Guramaçylyk toparyny döretmegi we türgenler üçin giňişleýin taýýarlyk maksatnamasyny düzmegi teklip etdi. Bu maksatnama Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumynda sportuň görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik sapaklaryny hem-de ýygnanyşyklary guramagy öz içine alýar. Ýakynda Parižde geçirilen Olimpiada – 2024-de Türkmenistana dürli sport görnüşleri boýunça ýaryşan 6 türgen wekilçilik etdi. Paralimpiýa oýunlarynda hem türkmen türgeni parapauerlifting boýunça ýaryşlara gatnaşdy. Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň gazanan taryhy üstünligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr, şonda Polina Gurýewa milli ýygyndynyň baş tälimçisi Artur Emirýanyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk Olimpiýa medalyny – agyr atletika boýunça ýaryşda 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medal gazandy. Iki tapgyryň jemi boýunça onuň görkezen netijesi 217 kilogram boldy.

11. Halkara futbol federasiýasy milli ýygyndy toparlaryň sanawyny täzeledi. Onda Türkmenistan iki orun ýokary galdy we häzirki wagtda 142-nji ýeri eýeleýär. Reýtingiň liderleri häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysy bolmagynda galýar. Ikinji orny Fransiýanyň milli ýygyndysy, üçünji orny Ispaniýanyň topary eýeledi. Aziýanyň sanawynda Ýaponiýanyň topary öňdeligi eýeleýär, ondan soň Eýran, Koreýa Respublikasy, Awstraliýa we Katar gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň