Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BNTU bank pudagynda täze IT hünäri üçin türkmen talyplary çagyrýar

13:0021.09.2024
0
40570

Belarus Milli Tehniki Uniwersiteti (BNTU) Türkmenistandan talyplaryny "Bank pudagynda maglumat ulgamlary we tehnologiýalary" atly täze hünäre çagyrýar. Bu maksatnama iki ýurduň diplomlaryny almak üçin aýratyn mümkinçilik hödürleýär: BNTU-nyň "Inžener-programmaçy" hünäri boýunça ýokary bilim diplomy we Halkara bank institutynyň "Bank menejment" maksatnamasy boýunça hünär taýýarlygy diplomy (Russiýa).

Bu hünäriň uçurymlaryna bank pudagynda IT hünärmenler hökmünde isleg bolar. Olar sanly maglumat bazalaryny taslamak, döretmek we dolandyrmak, programma üpjünçiligini işläp düzmek üçin häzirki zaman gurallaryny ulanmak endiklerini öwrenerler. Mundan başga-da, talyplaryň töleg hyzmatlary çygrynda häzirkizaman sanly tehnologiýalary özleşdirip, maliýe pudagynda uly maglumatlaryň mümkinçiliklerini öwrenmeklerini gazanarlar.

BNTU Belarus Respublikasynda inžener biliminiň öňdebaryjysy bolup durýar. Bu paýtagtyň içindäki hakyky talyplar şäheri bolup, bu ýerde her gün 30 müňden gowrak talyp dürli tehniki ugurlar boýunça bilim alýarlar.

BNTU-da bilim prosesi "Uniwersitet 3.0" modeli çäklerinde amala aşyrylýar, bu hem bilim, ylym we innowasiýaly telekeçiligiň berk baglanyşygyny aňladýar.

BNTU-nyň diplomlarynyň Türkmenistanda ykrar edilýändigini bellemek möhümdir. Bu türkmen uçurymlaryň Türkmenistanda magistratura we aspiranturada kynçylyksyz okuwlaryny dowam etdirmeklerine, şeýle hem hünäri boýunça işe ýerleşmeklerine mümkinçilik berýär.

BNTU Türkmenistanda "A1" kompaniýasy wekilçilik edýär. "A1" hünärmenlerine ýüz tutup, resminamalary resmileşdirmekde professional kömek, kabul ediş bilen baglanyşykly ähli soraglar boýunça jikme-jik maslahatlar we Belarusda goldaw alarsynyz.

Bu hünär boýunça orunlaryň sany çäklidir. Okuwa girmek isleýänler uniwersitetiň Türkmenistandaky wekili bilen şu telefon belgiler arkaly habarlaşyp bilerler: (+993 62) 02 30 84, (+375 25) 922 06 38 (IMO, Telegram).

Elektron poçta: bntuabiturient2024@mail.ru.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň