Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenterjime» kärhanasy: terjimeler dünýäsinde ygtybarly hyzmatdaşyňyz

11:2821.09.2024
0
12659

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň «Türkmenterjime» kärhanasy ýokary hil standartlaryna laýyk gelýän professional terjime hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýär.

Müşderiler näme üçin «Türkmenterjimäni» saýlaýarlar?

- dilleriň giň gerimi. Kompaniýa dilden we ýazmaça görnüşinde iňlis, rus, nemes, fransuz, hytaý, ýapon dilleri ýaly 10-dan gowrak dile terjime edip berýär.

- terjimeleriň ýokary hilli bolmagy. Tejribeli terjimeçiler kanunçylyk, ykdysadyýet, lukmançylyk, tehnika we ş.m. ýaly dürli ugurlara ýöriteleşen. Olar terjimäniň asylky çeşmesiniň tekstine dürs we laýyk bolmagyny kepillendirýärler.

- berk gizlinlik syýasaty. «Türkmenterjime» müşderileriniň bildirýän ynamyna uly ähmiýet bermek bilen, berilýän maglumatlaryň gizlinligini doly kepillendirýär.

- müşderilere çeýe çemeleşme. «Türkmenterjime» kärhanasynyň topary her sargyda aýratynlykda özbaşdak çemeleşip, terjime hyzmatyny siziň öz zerurlyklaryňyza görä ýerine ýetirmäge taýýardyr.

- sargytlaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi. «Türkmenterjime» siziň wagtyňyzy hiç hili eglemezden, sargydyňyzy hemişe ylalaşylan möhlete çenli taýyn edýär.

- goşmaça hyzmatlar: kärhana resminamalary notarial edarasy tarapyndan tassyklamak we taýýar bolan terjimeleri eltip bermek hyzmatyny hem ýerine ýetirýär.

«Türkmenterjimede» nähili resminamalar terjime edilýär?

Şahsy resminamalar (pasportlar, dogluş şahadatnamalary we ş.m.)

Söwda resminamalary (şertnamalar, hasaplar, inwoýslar)

Hukuk resminamalary (esaslandyryjy we kazyýet resminamalary)

Lukmançylyk resminamalary (keseliň taryhyndan göçürmeler, kepilnamalar, analiziň netijeleri)

Tehniki resminamalar

Ylmy makalalar we neşirler hem-de ş.m.

«Türkmenterjime» kärhanasyna nädip terjime sargyt etmeli?

Kärhana bilen (+993 12) 94 19 78, 94 19 68, 94 17 16 telefon belgileri we turkmentranslation@gmail.com elektron poçta salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Ýa bolmasa-da kärhananyň Aşgabatda şu salgyda ýerleşýän ofisine baryp bilersiňiz: B.Garryýew köçesi (Lahuti), 17-nji jaý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň