Top.Mail.Ru

Huawei Türkmenistan bilen bilelikde MKT bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan edýär

10:5021.09.2024
0
10612

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew «Huawei» kompaniýasynyň wise-prezidenti Lýu Guý bilen bilim tehnologiýalaryny hem-de Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyk «Huawei» kompaniýasy tarapyndan guralan «Amplify Intelligence» ady bilen geçirilen halkara forumyň çäklerinde boldy. Taraplar Türkmenistanyň bilim ulgamyna okuw işlerini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, talyplaryň ýetişigine gözegçilik etmäge we mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän «Huawei» kompaniýasynyň sanly platformalaryny ornaşdyrmagyň meselelerine ünsi çekdiler.

Azat Ataýew ýurdumyzyň bilim babatda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilişi we bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion sanly çözgütler barada gürrüň berdi. Şunda türkmen tarapy «Huawei Connect – 2024» atly sergide görkezilen bilim ulgamynda emeli aňy ahlak (etiki) taýdan ulanmagyň innowasion çözgütlerine hem-de forumda teklip edilen bilim babatda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini açýan «Huawei ICT academy» taslamasyna gyzyklanma bildirdi.

Lýu Guý hyzmatdaşlygyň okatmagy emeli aňyň, bulut tehnologiýalaryň we uly göwrümli maglumatlaryň esasynda dolandyrmagyň ulgamlaryny ulanmak ýaly esasy ugurlaryny aýratyn nygtady. Duşuşygyň barşynda şeýle-de «Huawei ICT academy» taslamasynyň çäklerinde talyplara we mugallymlara halkara şahadatnamalaryny almaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Lýu Guý «Huawei» kompaniýasynyň tehnologik çözgütlerini teklip etmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny tassyklady – diýip, saýtda bellenilýär.

Ozal biz Türkmenistan bilen «Huawei» kompaniýasynyň arasynda bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak baradaky meseleleriň ara alyp maslahatlaşylandygy hakynda habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň