Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly sazandalar Sinandali festiwalyna gatnaşýarlar

13:1605.09.2024
0
10142

Türkmenistanly sazandalar 31-nji awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda Gruziýada geçirilýän 6-njy Sinandali nusgawy saz festiwalyna gatnaşýarlar.

Pan-Kawkaz ýaşlar orkestri Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Ukrainadan gelen ýaş sazandalary birleşdirdi. Utgaşdyrylan orkestriň düzümde çykyş edýän sazandalar dünýä belli dirižýorlar, mugallymlar we aýdymçylar bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik aldylar.

2019-njy ýyldan bäri her ýyl Gruziýanyň Kaheti sebitindäki Sinandali obasyndaky mülkde geçirilýän bu festiwal dünýä belli sazandalaryň, orkestrleriň we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda nusgawy sazlaryň ýaňlanýan özboluşly meýdançasydyr.

Orkestrleriň çykyşlaryny özünde jemleýän maksatnamalardan başga-da, şu ýyl Sinandali festiwaly dünýäniň görnükli sazandalarynyň gatnaşmagynda adaty bolmadyk solo konsertleri we kamera sazlarynyň konsertlerini hem hödürlär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň