Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

20-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:2420.11.2024
0
9544

Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähinde Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi, BMGÖM Türkmenistana insuliniň nobatdaky tapgyryny iberdi, Türkmenistanda läbik wulkanlaryny öwrenmek boýunça ilkinji giňişleýin ekspedisiýa geçirildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanda geçirilýän wakalar paýtagtyň «Daşkent» seýilgähinde dowam etdi. Deprekleriň joşgunly sesi açyk asmanyň astynda konsertiň başlanandygyny habar berdi. Ýunus Rajabi adyndaky «Makom» ansamblynyň artsitleri Aşgabadyň ýaşaýjylary we paýtagtyň myhmanlary üçin baý saz maksatnamasyny hödürlediler, onuň dowamynda halk aýdymlary we milli saz gurallarynda ýerine ýetirilen sazlar ýaňlandy.

2. BMGÖM Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine jemi bahasy 330 000 amerikan dollaryna deň bolan insuliniň nobatdaky tapgyryny iberdi. Derman serişdesi Türkmenistan Hökümetiniň maliýeleşdirmeginde satyn alynday.

3. Türkmenistanda Akpatlawuk we Gökpatlawuk läbik wulkanlaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça giň gerimli ylmy başlangyç durmuşa geçirilip başlandy. Ýakynda bu ugurda ýurduň öňdebaryjy hünärmenlerini bir ýere jemlän ilkinji giňişleýin ekspedisiýa geçirildi.

4. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Hytaý Halk Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyndan sowgat hökmünde kitap neşirlerini aldy. Dabarada HHR-niň diplomatik wekilhanasynyň wekilleri gündogar dilleri kafedrasynyň mugallymlaryna hem-de hytaý dili we edebiýaty hünäri boýunça bilim alýan talyplara okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny, sözlükleri, görnükli hytaý şahyrlarynyň eserler we goşgular ýygyndylaryny gowşurdylar.

5. Türkmenistanda daýhanlaryň topragy durnukly dolandyrmak baradaky bilimlerini pugtalandyrmak we oba jemgyýetleriniň isleglerini kanagatlandyrmaga goldaw bermek maksady bilen, «Toprak lukmanlary» atly ählumumy maksatnama durmuşa geçirdi.

6. 22-nji noýabrda Aşgabatda iki günlük koreý medeniýetiniň festiwaly başlanýar. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralýan bu çäre «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde mugt medeni maksatnamany we Magtymguly adyndaky teatrda geçiriljek gala konserti öz içine alar.

7. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Ispaniýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Rikardo Martines Wazkes (oturýan ýeri Moskwa şäheri) bilen duşuşdy. Ispaniýanyň ilçisi parahatçylygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.

8. Türkmenistanda bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, dil merkezlerini okuw kitaplary we sözlükler bilen üpjün etmek hemişe üns merkezinde galýar. Ýaňy-ýakynda häzirki zaman türk dilinde işjeň ulanylýan 20,000 töweregi sözi we söz düzümini öz içine alýan «Türk-türkmen sözlügi» neşir edildi.

Dünýäde

9. Möhüm senäniň – Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýubileý baýramyň resmi nyşany tanyşdyryldy. Grafiki nyşan wakanyň taryhy ähmiýetini görkezýär we häzirki zaman görüşi Ýeňiş gününiň däp bolan aýratynlyklary bilen birleşdirýär. Logotip 2025-nji ýylda Ýeňşiň 80 ýyllygyny bellemäge bagyşlanan ähli çäreleriň esasy wizual bezegine öwrüler. Ol şäher meýdançalarynyň bezeginde, ýadygärlik materiallarda we metbugat taslamalarynda ulanylar.

10. Amerikaly aktýor we komik Kalimar Uaýt kompaniýanyň işgärlerine ýörite taýýarlanan wekilleriň üsti bilen ýolbaşçylaryna arz-şikaýatlaryny anonim ýagdaýda aýtmaga mümkinçilik berýän adaty bolmadyk bir hyzmat döretdi. Hyzmat özüni her bir işgäriň sesini eşidip boljak sagdyn iş gurşawyny döretmek üçin gural hökmünde görkezýär.

Sport täzelikleri

11. Eýranyň milli ýygyndysy 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň Aziýa zolagynda geçirilen saýlama ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň altynjy aýlawynyň oýnunda Gyrgyzystanyň toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi. 16 utuk toplan Eýranyň milli ýygyndysy «A» toparçada ynamly öňde barýar. Gyrgyzystanyň topary üç utuk bilen ýaryşyň sanawynda bäşinji orny eýeleýär. «A» toparçanyň Wýentýanda (Laos) geçirilen paralel oýnunda Özbegistanyň milli ýygyndysy KHDR-niň toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Abbosbek Faýzullaýew 44-nji minutda ýeňiş goluny derwezä girizdi. Özbegistanyň milli ýygyndysy «A» toparçadaky ikinji ornuny saklaýar, bu bolsa oňa ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna göni ýollanmany kepillendirýär.

12. Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow karýerasyndaky iň möhüm söweşe taýýarlanýar. 29-njy noýabrda Saud Arabystanynda ol çempionlyk guşagy we 1 million dollar baýrak gaznasy ugrundaky PFL ligasynyň final tutluşygynda amerikaly Impa Kasanganaý bilen duşuşar. Ýagşymyradow bu söweşe ajaýyp taýýarlyk bilen barýar, ol yzygierli alty söweşde ýeňiş gazandy. Ol iň soňky ýeňşini awgust aýynda Golliwudda «PFL 8» ýaryşynda gazandy, şonda eminleriň biragyzdan karary bilen awstraliýaly Rob Wilkinsony ýeňlişe sezewar etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň