Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda italýan aşhanasynyň agşamy geçirildi

14:4520.11.2024
0
9515

Paýtagtymyzyň «Dante» restoranynda Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Aşgabatda geçirilýän 9-njy «Italýan aşhanasy hepdeliginiň» çäklerinde italýan aşhanasynyň dabaraly agşamy geçirildi. Çäre «Ortaýer deňzi sebitiniň tagamlary we kökleriň aşhanasy: saglyk we däp-dessurlar» atly tema bagyşlandy.

Agşamyň hormatly myhmanlary hökmünde Türkmenistanyň we Italiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Çärede Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari hem boldy.

Agşamyň esasy wakasy meşhur italýan aşpezleri: Marko De Wita, Andrea Palmiýeri we Anna-Mariýa Tukefiň ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi boldy. Myhmanlar üçin Italiýada däp bolan pissa we rizotto ýaly hakyky italýan tagamlaryny dadyp görmäge, şeýle hem saýlama italýan şeraplarynyň tagamyny duýmaga mümkinçilik döredildi.

2024-nji ýylyň 18-24-nji noýabry aralygynda geçirilýän «Italýan aşhanasy hepdeligi» «Dante» restoranynyň we Italýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikdäki tagallalary bilen gurnaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň