Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

13-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:5013.11.2024
0
11988

Türkmenistanyň Prezidenti «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylary gutlady, Aşgabatda möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen göreşçileri Hytaýda geçirilen «Guşak we ýol» ýaryşynda 4 medal gazandylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna Gutlag iberdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary barha ösdürýändigini, dostluk köprüsi bolup çykyş edýän medeniýete we sungata aýratyn üns berýändigini aýtdy. Festiwalyň esasy maksady kinematografiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan we türki halklaryň arasynda kino sungatyny ösdürmekden ybaratdyr.

2. Aşgabat şäherinde möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramagyň meselelerine bagyşlanan bilermenler derejesinde iki günlük halkara maslahat geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar energetika infrastrukturasyna abanýan howplar barada pikir alyşdylarbu ugurda öňdebaryjy tejribäni paýlaşdylar. Energiýa serişdeleriniň serhetüsti ugradylmagynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň hem-de tagallalary utgaşdyrmagynyň meselelerine aýratyn üns çekildi.

3. Hindistan 2025-nji ýylda Türkmenistan bilen maglumat tehnologiýalary, lukmançylyk, derman senagaty we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýär. IT pudagynyň ösüşine aýratyn üns berler, Hindistan bu ugurda ykrar edilen öňdebaryjy ýurtdur. Şeýle hem hindi kompaniýalary Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň döredilmegine gatnaşmak isleýärler. Bu barada Hindistanyň Aşgabatdaky ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat her ýylyň 9-njy ýanwarynda bellenilýän ýurduň milli baýramçylygy bolan Prawasi Bharatiýa Diwas mynasybetli hindi diasporasy üçin niýetlenen saýtyň açylyş dabarasyna bagyşlanan çärede žurnalistlere habar berdi.

4. 2024-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan 2000 töweregi syýahatçy Malaýziýa baryp gördi, munuň özi iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlarynyň açylmagy netijesinde mümkin boldy. Bu hakykat Aşgabatda geçirilen «Discover Malaysia Networking Seminar» atly okuw maslahatynda beýan edildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Malaýziýanyň ilçihanasy tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň 40 töweregi syýahatçylyk kompaniýasynyň wekilleri, şeýle hem «Türkmenhowaýollary» we «FlyDubai» awiakompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we syýahatçylyk pudagynda tejribe alyşdylar.

5. Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 18 – 22-nji noýabr aralygynda IX Italýan aşhanasy hepdeligini bellemek bilen, gastronomiki çäreleriň birnäçesini geçirer. Şeýle çäreler «Taryhdan gözbaş alýan aşhana» mowzugy bilen bütin dünýäde geçiriler. Meşhur italýan baş aşpezleri Aşgabat şäherine ýörite sapar bilen gelerler we Türkmenistanyň professional aşpezleri üçin özboluşly ussatlyk sapaklaryny geçerler. Ussatlyk sapaklarynda ýerli aşpezlere italýan aşhanasynyň inçe aýratynlyklaryny öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilik dörediler.

Dünýäde

6. Nemes sleklaýnerleri Fridi Küne we Lukas Irmler ekstremal sportda dünýä rekordyny goýdular. Olar 2500 metr beýiklikde howa şarlarynyň arasynda gerlen tanapda ýörediler. Bu üstünlik 2021-nji ýylda Braziliýada 1900 metr belentlikde goýlan ozalky rekorddan öňe geçdi.

7. Hytaýda adaty bolmadyk ýaşlar trendi – tan-bao börekleri üçin gijeki welosiped marafonlary meşhurlyk gazanýar. Dört talybyň syýahaty bilen başlanan bu hereket giň gerimli sosial hadysa öwrüldi. Hekaýa tomusda Çžençžou uniwersitetiniň talyplaryndan ybarat toparyň bugda bişirilen çorbaly meşhur börekleri dadyp görmek üçin gadymy Kaýfen şäherine 50 kilometrlik welosipedli ýöriş amala aşyrmagy bilen başlanýar. Olar sosial ulgamda «Ýaşlyk bahasyna ýetip bolmajak zat, Kaýfen şäherine gijeki syýahat hem şonuň özi» diýen ýazgy bilen öz täsirlerini paýlaşyp, müňlerçe yzarlaýjylary ruhlandyrdylar.

Sport täzelikleri

8. Erkin göreş boýunça türkmen türgenleri Hytaýyň Sian şäherinde tamamlanan «Guşak we ýol» halkara bäsleşiginde dört medal gazandylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň pälwanlary bir altyn, bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular. Döwlet Orazgylyjow 86 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazandy. Kümüş medala Zyýamuhammet Saparow (125 kg çenli) eýe boldy, bürünç medallary bolsa Perman Hommadow (70 kg çenli) we Şatlyk Hemeläýew (97 kg çenli) gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň