Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Daýhanbank» tarapyndan raýatlara 10 aýda 3,4 milliard manat möçberinde karzlar berildi

11:0908.11.2024
0
17228
«Daýhanbank» tarapyndan raýatlara 10 aýda 3,4 milliard manat möçberinde karzlar berildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ykdysadyýetiň döwlet eýeçiligine degişli bölegine 4,5 milliard manat, döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk bölegine we raýatlara 3,4 milliard manat möçberinde karzlar berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary esasynda, raýatlara şäherlerde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde hususy ýaşaýyş jaýlaryny, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri satyn almak üçin uzak möhletli karz serişdeleri berilýär.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda şu babatda raýatlar üçin 1,1 milliard manat möçberinde karz serişdeleri goýberildi diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň