Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2035-nji ýylda Aşgabatda metro gatnawynyň ýola goýulmagy mümkin

14:1504.11.2024
0
39909

«CIET-2024» halkara maslahatynda «Interbudmontaž» kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Wladimir Petruk Aşgabatda metronyň gurluşygynyň geljegi barada gürrüň berdi. Şeýle başlangyç ilkinji gezek 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Interbudmontaž» GA-na baryp gören mahaly öňe sürlüpdi.

Wladimir Petrukyň aýtmagyna görä, Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň, Ýaponiýanyň Metro assosiasiýasynyň we «K2» nemes konsalting toparynyň hünärmenleri gurluşyk mümkinçiligine baha bermek üçin degişli işleri geçirdiler. On aýyň dowamynda sebitiň geologiki şertlerini we seýsmiki işjeňligini öwrenmek boýunça geçirilen gözlegler demirbeton konstruksiýalaryň ulanylmagy şerti bilen gurluşygyň tehniki mümkinçiliginiň bardygyny tassyklady.

Degişli konsepsiýa laýyklykda, Aşgabat metropoliteni geljekde paýtagty Arkadag «akylly» şäheri, günbatarda Gökdepe we gündogarda Änew bilen birleşdirip biljek ekologiýa taýdan arassa ulag çözgüdine öwrülmelidir. Metropoliteniň işe başlamagynyň garaşylýan senesi 2035-nji ýyl.

«Ilatyň sanynyň artmagyny we şäher köçelerinde awtoulaglaryň sanynyň köpelmegini göz öňünde tutup, metro geljekde transport meselelerini çözmegiň ýeke-täk täsirli çözgüdi bolar» diýip, seýsmiki zolaklarda ýerleşýän 36 ýurtda metro taslamalaryny amala aşyrmagyň üstünlikli tejribesini toplan kompaniýanyň ýolbaşçysy Wladimir Petruk belleýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilen işler alnyp barylýar we bu meseläni şäher infrastrukturasyny ösdürmek maksatnamasynyň çäginde BMG-niň missiýasy bilen ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Bu ugurda möhüm tejribä eýe bolan «Interbudmontaž» kompaniýasy raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň