Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

16:4101.11.2024
0
13114
Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
Surat: newscentralasia.net

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» halkara forumyň çäginde Aşgabatda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli wekilleriniň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) halkara ösüşi boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi hem-de BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli bilen duşuşdylar. Bu barada «Newscentralasia» habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebit-gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we mundan beýläkki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ADNOC-nyň «OGT—2024»-iň platina hyzmatdaş hökmünde çykyş edendigini ýatladýarys

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan başlap, ADNOC halkara kadalaryna we gaz pudagynda işleri alyp barmagyň tejribesine laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň