Gresiýanyň Iraklion şäherinde tamamlanan jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 5 altyn, 5 kümüş we 8 bürünç medal gazandylar.
Ýaryşa 58 ýurtdan 900-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysy dünýä çempionatynda 52 türgen bilen wekilçilik edip, «kontakt» görnüşinde 16 medal, «kombat» görnüşinde bolsa iki medal gazandy.
Altyn medallary Türkmenistanyň ýygyndysynda «kontakt» görnüşi boýunça: Aminat Guwanjowa (45 kg agram derejesi), Hurma Abdyýewa (48 kg), Ogulşat Nurmedowa (70 kg-dan ýokary), Yslam Öwezow (62 kg), «kombat» görnüşinde – Gudrat Esenow (62 kg) gazandylar.
Kümüş medallary «kontakt» görnüşinde: Aýnur Gullyýewa (48 kg), Marýam Wafaýewa (63 kg), Oguldursun Azymowa (52 kg), Güljan Nurgeldiýewa (70 kg), Soltanmyrat Nuryýew (56 kg) gazandylar.
Bürünç medallary «kontakt» görnüşinde: Suraý Gokaýewa (52 kg), Şyhberdi Amanow (62 kg), Eziz Ýollyýew (94 kg), Miraly Agaýew (69 kg), Bagtyýar Myradow (85 kg), Begli Saparow (69 kg), Jelil Hojamyradow (77 kg) gazandylar. Jelil Hojamyradow «kombat» görnüşinde hem bürünç medal gazanmagy başardy.
Ýaryşyň jemi netijelerine görä, Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça ýygyndy topary komanda hasabynda altynjy orny eýeledi.