Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:1825.10.2024
0
21740

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kazan şäherine iş sapary tamamlandy, Özbegistan türkmen tebigy gazynyň uzakmöhletleýin importyna gyzyklanma bildirýär, Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde alabaýlara bagyşlanan sergi açyldy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BRIKS Sammitine gatnaşmak maksady bilen Kazan şäherine amala aşyran iş saparyny üstünlikli tamamlady. Saparynyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Rustam Minnihanow dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň Prezidentine «Duslyk» ordenini dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi hem-de onuň bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki mümkinçilikleri barada pikir alyşdy. Saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti BRIKS Sammitiniň «autriç»/«BRICS+» formatyndaky plenar mejlisinde çykyş etdi we birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

2. Serdar Berdimuhamedow BRIKS bileleşigine agza ýurtlaryň sammitinde çykyş edip, howa meselesiniň üstünde durup geçdi. Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

3. Özbegistan türkmen tebigy gazynyň uzakmöhletleýin importyna we ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýär. Bu barada Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy. Ol Özbegistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň adaty energiýa çeşmelerine bolan islegiň dowam etdirilmegini göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Bu çeşmeleriň sarp edilişi ýylda 10-15% artýar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany hatynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini belläp. ýokary döwlet derejesindäki açyk, aýan we dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtady. Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara ýagdaýlaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan yzygiderli duşuşyklaryň we pikir alyşmalaryň dürli ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy esasa öwrülendigini aýtdy.

5. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmen it tohumy bolan alabaýlara bagyşlanan sergi açyldy. Sergide görkezilýän gymmatlyklaryň arasynda arheologiki tapyndylar – Goňurdepe taryhy ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan itleriň toýundan ýasalan heýkeljikleri bar. Heýkeller biziň eýýamymyzdan öňki III we II asyrlara degişlidir, şeýle-de orta asyrlara degişli has giçki nusgalar hem bar. Şeýlelik bilen, sergide adam bilen onuň wepaly dostunyň asyrlarboýy ýakyn arabaglanyşygy şöhlelendirilýär. Alabaýalr tebigaty boýunça adamlara wepalylyk bilen häsiýetlendirilýän örän akylly haýwanlardyr. Olar çopanlaryň we serhetçileriň iň gowy kömekçileridir.

6. Türkmenistan 2029-njy ýyla çenli tebigy gazyň önümçiligini ýylda 116 milliard kub metre ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň dowamynda bellenilip geçildi. Bellenilmegine görä, öndürilen gazyň ýarysyndan gowragy eksporta gönükdiriler. Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynda uly orny eýeleýär. Ýurduň uglewodorod baýlyklary 71 milliard tonnadan gowrak nebit ekwiwalentine deňdir, munuň özi 20 milliard tonnadan gowrak nebite we 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gaza barabardyr. Türkmenistan Russiýa, Eýran we Katar bilen bilelikde tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýädäki dört ýurduň biridir.

Dünýäde

7. Seulyň häkimligi «ýalňyz ölümleriň» öňüni almak üçin ýakyn bäş ýyl üçin niýetlenen 327 million dollarlyk býujeti bolan giň gerimli maksatnamany yglan etdi. 2023-nji ýyldaky statistikanyň 3661 koreýalynyň ýalňyzlykda aradan çykandygyny we olaryň jesetleriniň örän köp wagtdan soň tapylandygyny görkezenden soň, bu mesele has ýitileşdi. Meseläniň gender tarapy aýratyn alada döredýär – ýagdaýlaryň agramly bölegi – 84% erkekleriň arasynda ýüze çykýar. Şäher häkimligi ýöriteleşdirilen psihologiki goldawy döretmek, gije-gündizleýin sorag-jogap ulgamyny we onlaýn maslahat beriş platformasyny döretmek ýaly giňişleýin hereket meýilnamasyny düzdi.

8. Döwletara ylalaşygyň çäklerinde Gazagystan we Özbegistan Aral deňziniň sebitini goramak üçin giň gerimli ekologiýa taslamasyny durmuşa geçirmäge girişerler. Gazagystanyň Parlamentiniň Senatynyň mejlisinde ekologiýa pudagynda hyzmatdaşlyk hakynda degişli resminama tassyklanyldy. Mesele möhüm derejelere ýetdi: Aral deňziniň basseýninde 110 milliard tonnadan gowrak zäherli maddalar toplandy. Bu howply garyndynyň düzümine guran oba hojalyk dökünleri, deňiz duzy we çökündi bölejikleri girýär.

Sport täzelikleri

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri Özbegistanda geçirilen el bilen söweş sungaty boýunça dünýä çempionatynda dört bürünç medal gazandylar. Bäsleşige 34 ýurtdan 300-den gowrak türgen gatnaşdy. Türkmen toparyndan bürünç medallara Toýly Bazarow, Hajyyslam Garabekow, Süleýman Allaýew we Kasym Ýazmyradow mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň