«Turkish Airlines» awiakompaniýasy syýahatlary meýilleşdirmegi we guramagy ýokary derejede amatly dolandyrmaga ýardam etjek mobil goşundysyny hödürleýär. Smartfonlar we planşetler üçin elýeterli bolan bu tölegsiz goşundy syýahatyňyzyň ähli aspektlerini islän wagtyňyz, dünýäniň islendik ýerinden dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Turkish Airlines» goşundysynyň esasy mümkinçilikleri şulardan ybarat:
Bahalary deňeşdirmek we iň amatly seneleri saýlamak mümkinçiligi bilen awiapetekleri tiz bronlamak.
Oturyljak ýeri saýlamak, ýörite nahary sargyt etmek hem-de gatnaw ugruna üýtgetme girizmek ýaly bronirlemegiň çeýe dolandyrylyşy.
Elektron uçuş-gonuş talonyny almak bilen onlaýn registrasiýa.
Häzirki wagt hasabynda uçuş ýagdaýyny yzarlamak.
«Miles & Smiles» programmasynda toplanan milleri dolandyrmak we ulanmak.
Goşundyny Google Play we AppStore internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar.
Has giňişleýin maglumat almak üçin müşderiler «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatda ýerleşýän ofisine ýüz tutup bilerler:
- ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
- elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
- telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
- web saýty: turkishairlines.com.
Şeýle-de okaň: