Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň bu ýurda amala aşyran iş sapary anyk taslamalaryň başyny başlamakda möhüm ähmiýete eýe boldy.
«Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, wekiliýetiň bu iş saparynyň maksady Hytaýyň Nebit uniwersiteti, Sian nebit uniwersiteti we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersiteti bilen bilim ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Sian şäherinde Türkmenistanda «Lu Ban ussahanasyny» açmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyndan habar berýär. Bu ylalaşyga Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Sianyň nebit uniwersiteti, Hebeýiň nebit hünär-tehniki uniwersiteti, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem-de Hytaýyň Bilim ulgamynda halkara alyşmalar boýunça assosiasiýasy gatnaşýar. Resminama laýyklykda, taraplar bilelikde ýurdumyzda «Lu Ban ussahanasyny» açyp, geologiýa, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek, maglumat ulgamlary we tehnologiýalar ýaly ugurlarda akademiki we beýleki hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk ederler. Şeýle-de mugallymlarydyr talyplary, maglumatlary alyşmak, ylmy barlaglary alyp barmak boýunça çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Ýeri gelende bellesek, «Lu Ban ussahanalary» 2500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen meşhur hytaýly oýlap tapyjy Lu Banyň adyny göterýär. Ol öz döwründe häzirki günlerde-de giňden ulanylýan iş gurallarynyň köpüsini döredipdir. «Lu Ban ussahanasy» bolsa HHR-iň Bilim ministrliginiň goldamagynda ýurduň Týanszin bilim edarasynda 2016-njy ýyldan bäri hereket edýän bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk taslamasydyr. Olarda önümçiligi awtomatlaşdyrmak, energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, adaty hytaý lukmançylygy ýaly ugurlarda geljekki hünärmenler taýýarlanylýar. Häzire çenli Aziýanyň, Ýewropanyň, Afrikanyň 20-den gowrak ýurdunda şeýle okuw merkezleri üstünlikli hereket edýär.