Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çärelere, hususan-da, “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024” atly halkara sergä hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly maslahata görülýän taýýarlyk barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, geçiriljek halkara sergi we maslahat ýurduň gurluşyk ulgamynda, senagat önümçiliginde, energetika, himiýa pudagynda, ýol gurluşygynda gazananlary bilen tanyşmaga ýardam berer. Bu möhüm çäreleriň çäklerinde gurluşyk-senagat toplumynyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň duşuşyklary meýilleşdirilýär. Munuň özi täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, özara tejribe alyşmaga ýardam berer.
Şeýle hem Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi habar berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we maslahata, Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň, Bäherden etrabynda «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.