Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek tabşyryldy

09:3905.10.2024
0
3318

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine garamagynda 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini bellenen tertipde döretmek hem-de bu merkez hakyndaky Tertipnamany bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 4-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrmak, köp duş gelýän keselleri halkara ölçeglere laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda döwrebap bejermek, ylmy barlaghana işlerini netijeli guramak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň