Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça şertnamalary baglaşan we degişli ätiýaçlandyryş töleglerini töleýän Türkmenistanyň raýatlaryna döwlet dermanhana edaralarynda bahasynyň 50 göterimi möçberde ýeňillikli şertlerde satylýan derman serişdeleriniň Sanawy hem-de tölegsiz ýa-da ýeňillikli şertlerde ýerlenilýän (goýberilýän) derman serişdeleriniň, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümleriň Sanawy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini has-da kämilleşdirmek hem-de «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» we «Derman üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.