Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» «TKCONNECT» ulgamyny işe girizýär: awia hyzmatlaryny hödürlemekde täze döwür

11:1602.10.2024
0
8831

«Turkish Airlines» ýedi sany öňdebaryjy kontent agregatlary bilen strategiki hyzmatdaşlyk arkaly «TKCONNECT» ulgamyny yglan edip, NDC (New Distribution Capability) standartyna laýyk gelýän distribusiýa maksatnamasyny ösdürmekde möhüm ädim ätdi. Kompaniýa bronlamak mümkinçiligini kämilleşdirmek we ýolagçylara hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin «Travelfusion», «Verteil», «DRCT», «Mystifly», «Nuua», «Nuflights» we «Theta» bilen tagallalaryny birleşdirdi.

Bu hyzmatdaşlyk awiakompaniýanyň hyzmatdaşlaryna «Turkish Airlines-yň» giň global toruna we hyzmatlaryna bökdençsiz elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilendir. «TKCONNECT» syýahatçylyk agentlerine hususy ugurlaryny döretmäge, aýratyn teklipleri hödürlemäge we bronlamak işini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berjek öňdebaryjy platforma boljakdygyny wada berýär. Munuň özi müşderileriň kanagatlylyk derejesiniň we wepalylygynyň artmagyna kömek eder.

«Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň täjirçilik direktory Ahmet Olmuştur täze hyzmatdaşlyga höwes bildirdi we saýlanan agregatlaryň ýokary hilli distribusiýa çözgütlerini hödürlemek tejribesini nygtady. Onuň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlyk «TKCONNECT-iň» hyzmat ediş çägini we täsirini has-da artdyrmek bilen, kompaniýanyň müşderilere ýokary syýahatçylyk çözgütlerini we ajaýyp hyzmaty hödürlemek baradaky umumy garaýşyny şöhlelendirer.

«Turkish Airlines» ähli isleg bildirýänleri bütin dünýä boýunça syýahatçylyga çagyrýar. Köp sanly uçuş ugurlary we amatly teklipler syýahatyňyzy ýatdan çykmajak tejribä öwrer.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: G.Kuliýew köç., 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • e-mail: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon: (+993 61) 01 44 33;
  • web-saýt: turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň