Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen suratkeşiniň eserleri BRIKS sammitiniň çäklerinde görkeziler

15:3430.09.2024
0
5706

Kazan şäherinde oktýabr aýynda geçiriljek BRIKS forumynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Berdiguly Amansahatowyň çeken suratlarynyň sergisi geçiriler. Sergi 18-nji oktýabrda açylyp, 18-nji dekabra çenli dowam eder. Onda suratkeşiň ozal hiç ýerde görkezilişe çykarylmadyk eserleriniň 42-si ýerleşdiriler. Bu barada «TASS» habar berýär.

Suratkeş B.Amansahatowyň aýtmagyna görä, bu onuň Kazandaky ilkinji şahsy sergisi bolar. Ol mundan ozal Russiýa Federasiýasynda diňe Moskwa şäherinde şahsy eserleriniň sergisini geçiripdi. Sergide görkeziljek ähli suratlar gündogar poeziýasynyň, esasanam, sopuçylyk edebiýatynyň wekillerinden ylham alyp döredilipdir. Suratkeş olara mysal edip, Ýunus Emräniň, Jelaleddin Rumynyň, Alyşir Nowaýynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň atlaryny agzaýar.

Ýeri gelende bellesek, Berdiguly Amansahatow diňe bir suratkeş däl, eýsem, Andreý Platonow tarapyndan goýlan «Jan» spektaklynyň sahna bezegleriniň awtory hökmünde hem meşhurdyr. Ol munuň üçin şol wagtky Lenin komsomoly baýragyna mynasyp bolýar. B.Amansahatow «Hakasiýa Respublikasynyň at gazanan sungat işgäri» diýen hormatly derejäniň eýesidir.

Suratkeşiň eserleri Türkmenistanyň we Russiýanyň muzeýlerinde, şeýle hem Özbegistanda, Hindistanda, Ysraýylda, Fransiýada we beýleki ýurtlarda şahsy kolleksiýalarda saklanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň