Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk çykyşyny hödürledi

14:0930.09.2024
0
8246

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň topary baýramçylyk çykyşyny taýýarlady.

Baýramçylyk çykyşy orkestriň ýerine ýetirýän sazyna diňe artistleriň däl-de, eýsem sirkiň haýwanlarynyň hersinden biriniň – poniniň, alabaý itiň, maýmynyň, köşegiň, şol sanda tawus guşunyň sirkiň sahna meýdançasyna çykmagy bilen başlandy. Tawus guşy sirke täzelikde geldi, entek onuň öz çykyşy taýyn bolman soň, onuň üçin sirk meýdançasyna çykmagy tawusy meýdança, orkestriň sazyna we tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna uýgunlaşdyrmak sapagy boldy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Çykyş parahatçylygyň, söýgüniň we ýagşylygyň nyşany bolan ak kepderileriň arzuwçyl çykyşy bilen açyldy.
«Galkynyş» akrobatlar toparynyň täze taýýarlan çykyşy: olaryň çalasyn hereketleri, artistleriň haýran ediji çakganlygy, çeýeligi hem baş aýlaýjy saltolary tomaşaçylary haýran galdyrdy.


Sirkdäki çykyşa «Ýedigen» tans toparynyň artistleri hem gatnaşýar.

Meýdança Arslan Annamyradowyň ýolbaşçylygynda üstlerine ýalpyldap duran basyryk atylan alty düýeden ybarat kerwen çykýar we dürli hereketleri bilen tomaşaçylaryň el çarpyşmasyny gazanýar.

Tälim beriji Liliana Ýusupowanyň ýolbaşçylygynda dört maýmynyň çykyşy tomaşaçylary haýran galdyrdy.
Masgarabaz Röwşen Meläýew täze şüweleňi bilen çykyş etdi. Ol tans oýnaýan ýaly ýöräp, kakylyp çalynýan saz gurallarynyň ýanyna baryp, deplerde ussat sazanda kimin saz çalyp, tomaşaçylary özüne maýyl etdi.

Pena Myratdurdyýew sazandalaryň oturan ýerinden sahnanyň gyrasy bilen aşaklygyna taýyp meýdança düşmek bilen, tomaşaçylary gyzyl-gyran güldürdi. Özüni syratly hasaplaýan masgarabaz hormat münberinden maýmynlary çykaryp, çykyşy üçin özüne 1-nji orny berdi.

Sirk çykyşynyň ikinji bölüminde Serdar Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar toparynyň ýigitleri çykyş etdiler.

Jigitler atlary ýokary tizlikde çapmak bilen, her hili haýran galdyryjy oýunlary ýerine ýetirdiler we Türkmenistanyň ýaşyl baýdagyny belende galdyryp, tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň