Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäher telefon ulgamy IT hünärmenleriniň arasynda bäsleşik geçirdi

15:1326.09.2024
0
5616

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Aşgabat şäher telefon ulgamy» kompaniýasy öz ýaş hünärmenleriniň IT tehnologiýasynda has ökdeleri ýüze çykarmak boýunça bäsleşik geçirdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.

Bu ýaryşa sekiz topar gatnaşdy, toparlaryň hersine bolsa her Tehniki aragatnaşyk bölüminden dört adam goşuldy.

Toparlar öz aralarynda IT torlaryny döretmek, WiFi routerlerini sazlamak, ADSL modemlerini gurnamak, IP teleýaýlymy, Belet Filmi, Älem TW-ni birikdirmek ýaly we beýleki hyzmatlaryň gurnama-sazlama işlerini wagt tutmak arkaly ýokary hilli ýerine ýetirmekde bäsleşdiler.

Bäsleşige tomaşaçylar hökmünde AŞTU-nyň öz işgärleri gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň düzümi, olar tarapyndan gazanylan ballaryň mukdary, şeýle hem bäsleşigiň şertlerini ýerine ýetirmek üçin berlen wagt ýörite uly monitorda görkezildi.

Jemleýji tapgyrda №1 Tehniki aragatnaşyk bölüminiň topary ýeňiş gazandy, №3 Tehniki aragatnaşyk bölüminiň topary ikinji orny eýeledi, №2 Tehniki aragatnaşyk bölüminiň topary üçünji ýere mynasyp boldy.

Baýrakly orunlary eýelän toparlaryň hemmesine gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň