Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň aýdym-saz topary halkara festiwalda birinji orna we 5 müň dollara mynasyp boldy

21:0230.08.2024
0
23112

Türkmenistanly sungat ussatlary Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçirilen «Şark taronalari» («Gündogaryň sazlary») XIII halkara festiwalynda üstünlikli çykyş etdiler. Has takygy, türkmenistanly ýerine ýetirijiler bu halkara festiwalyň ýeňijileriniň hataryndan mynasyp orun almagy başardylar.

Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň aýdym-saz topary «Şark taronalari» XIII halkara festiwalda 1-nji orna mynasyp bolup, ýörite diplom we 5 müň amerikan dollary pul baýragy bilen sylaglandylar. Bu aýdym-saz toparynyň düzüminde aýdymlary Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew ýerine ýetirdi. Oňa Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradow (dep), M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Sapamyrat Annamyradow (gyjak) we Döwlet Daňatarow (dutar), şeýle-de M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Allamyrat Muhammetgulyýew dagy sazandalyk etdiler.

Mundan başga-da, halkara festiwalda Gran-pri baýragyna Azerbaýjanyň «Semurg» ansambly, ikinji orna Gazagystanyň «Atameken» hem-de Özbegistanyň «Makom Band» toparlary, üçünji orna bolsa Ýaponiýa wekilçilik eden Maşu Kamazaki hem-de Mongoliýanyň «Batbaýar Batnýam» topary we Russiýanyň «Demirgazyk hor» ansambly mynasyp boldy.

Festiwalyň ýeňijilerine sylaglary Özbegistanyň medeniýet ministri O.Nazarbekow hem-de TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary S.Raýew gowşurdylar.

Ýeri gelende bellesek, 1997-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda her iki ýylda bir gezek geçirilip gelnen, şu ýyl bolsa koronawirus pandemiýasy zerarly 5 ýylyk arakesmeden soňra ilkinji gezek guralan bu festiwala dünýäniň 80-e golaý ýurdundan 400-den gowrak sungat ussatlary gatnaşdylar.

Maglumat üçin ýatlatsak, 2009-njy ýylda geçirilen «Şark taronalari» festiwalynda Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa hem Gran-pri baýragyna mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň