Türkmenistanda ýurduň demirgazyk sebiti – Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 8 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri, 8 sany dürli reňkdäki tapyndylar tapyldy. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarydyr hünärmenleriniň, Ylymlar akademiýasynyň nuizmatlary bilen bilelikde geçirilen deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklandy.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgençli türkmenleriň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.
Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýar.
Hökümet mejlisinde bu tapyndylary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak çäresini 22-nji iýunda geçirmek baradaky teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi.
Dabaranyň çäklerinde degişli iş maslahatyny hem-de muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de bu tapyndylary tapan we olary döwlete tabşyrmak işlerine gatnaşan adamlara höweslendiriji sowgatlary gowşurmak meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Daşoguz welaýatynyň çäklerinden tapylan taryhy tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz etmek, muzeý gaznasyny has baýlaşdyrmak maksady bilen, bu gymmatly tapyndylary muzeýe tabşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.