Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatyna 2020 – 2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2007-nji ýylda doglanlar çagyrylýar

0
178747
Salgysy:
Ахалский велаят, Геоктепинский этрап, генгешлик Бабаарап, ул. Бабаарап, 9.
Telefon belgiňiz:
800137 3-32-05.
Soňky täzelenme:

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatyna 2020 – 2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2007-nji ýylda doglan 7-nji synpy tamamlaýan (2013-nji ýylda 6 ýaşdan 1-nji synpa okuwa kabul edilen) okuwçylaryň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy

1. Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

2. Maglumat, üç arkasy barada maglumat (elektron görnüşde aýratyn tabşyrmaly);

3. Dogluş hakynda şahadatnamanyň göçürmesi (3 sany nusga);

4. Ata-enesiniň ýa-da onuň ornuny tutýan raýatyň pasportynyň göçürmesi;

5. Ýaşaýan ýerinden kepilnama (Forma № 3);

6. Okaýan mekdebinden ýetişigi barada şahsy jiltiniň göçürmesi we göçürmäniň dogrudygy barada mekdep direktorynyň goly bilen möhri basylan bolmaly, şol synpda okaýandygy barada kepilnama we häsiýetnama;

7. Saglygy barada kepilnama - forma 026 görnüşinde;

8. Saglygy barada kepilnama - forma 063 görnüşinde:

9. Döş kapasasynyň rentgenoskopiýasy we lukmanyň netijesi;

10. Ganyň topary we rezus-faktory;

11. Ganyň we peşewiň umumy barlagynyň netijesi;

12. EKG barlagy we barlagyň netijesi.

13. Inçe kesel, psih we deri dispanserlerinden kepilnama;

14. EHOKG barlagy (ýürek);

15. Türgenleşýän sport görnüşinden sport derejesi baradaky hasap kitapçasy;

16. Çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň hödürnamasy;

17. 9 sany 3x4 ölçeginde surat.

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatyna sportuň erkin göreşi, dzýudo göreşi, woleýbol, ýeňil atletika, futbol, agyr atletika, boks, türkmen milli göreşi, guşakly göreşi görnüşleri boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden okuwçylar kabul edilýär.

Okuwa girmäge isleg bildiren okuwçylaryň resminamalary 2020-nji ýylyň 1 – 20-nji iýuly aralygynda ýokarda görkezilen sport görnüşleri boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda kabul edilýär. Okuwçylaryň medisina barlagy, synag esasynda saýlap almak bäsleşigi 2020-nji ýylyň 22 – 28-nji iýuly aralygynda geçirilýär.

SALGYSY: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň Babarap köçesiniň 9-njy jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 8001373-32-05.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler