Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarka geçiriler

0
79230
Salgysy:
г. Ашхабад, Чандыбил шаёлы, 143.
Telefon belgiňiz:
39-88-81, 39-88-86/85/83/84/82/70/68.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Döwlet haryt çig-mal biržasy, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhaly» döwlet birleşigi, Senagatçylar we telekeçiler birleşigi Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 31-nji maýy — 1-nji iýunynda Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkany hem-de türkmen halyçylarynyň
dabaraly maslahatyny geçirýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagtlary:

31-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

1-nji iýunda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81, 39-88-86/85/83/84/82/70/68.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler