Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

7-nji sentýabrda Aşgabatda «Art-bazar» sergisi geçiriler

0
55409
Salgysy:
В столичном ТРЦ «Багтыярлык»
Soňky täzelenme:

«Bagtyýarlyk» söwda-dynç alyş merkezinde geçiriljek art-bazarda sergisinde 150-ä golaý iş tomaşaçylara hödürlener. Sergide meşhur suratkeşler, nakgaşlar, keramikaçylar dürli döwürlerde, dürli şekillerdir keşplerde ýerine ýetiren işlerini köpçülige görkezmäge mümkinçilik alar. Sergi iň kiçi ýaşly çagalardan başlap, gojalyga ýetişen adamlar üçin-de gyzykly bolar. Bary-ýogy 10-15 minutda ýa-da akkerdionçynyň bir sazynyň dowamynda öz portretiňi çekdirmek diýseň lezzetli. Aslynda sergi şunuň ýaly täsirli başdan geçirmelere baýlygy bilen-de tapawutlanar.
Dürli agaç bölejiklerinden, duzlanan hamyrdan, perlerden, mata gyýkyndylaryndan... ýasalan özboluşly sungat eserleri her bir tomaşaçyda ýakymly täsir galdyrar.
Gadymy Gündogar bazaryny ýadyňa salýan art-bazar sergisi diňe bir söwda maksatly bolman, eýsem, tejribe paýlaşmakda, öz ussatlygyňy açyp görkezmekde, täze döredijilik gözleglerine çykmakda uly ähmiýete eýe bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler