Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

0
18954
Soňky täzelenme:

2017/2018-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Aktýorçylyk sungaty we režissura (hünärler: drama we kino aktýory; estrada we sirk oýunlarynyň artisti; teatr öwreniş we dramaturgiýa; teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak; telewideniýe režissurasy; ses režissurasy; drama režissurasy; kino režissurasy; yşyk bilen bezemek; telekinooperatorçylyk; gurjak teatrynyň aktýory).

2. Medeni-dynç alyş çärelerini guramak we ýola goýmak (hünärler: medeni-köpçülik çärelerini guramak we geçirmek; folklor toparyny guramak we dolandyrmak; milli tans toparyny guramak we dolandyrmak; höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak; taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek we dikeltmek).

3. Kitaphanaçylyk we muzeýşynaslyk (hünärler: kitaphana işini guramak; muzeý işini guramak; iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; ylmyň we tehnikanyň maglumatlar bilen üpjünçiligi; medeniýeti öwreniş).

Tölegli esasda okadyljak hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:

1. Kitaphanaçylyk we muzeýşynaslyk (hünärler: iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; ylmyň we tehnikanyň maglumatlar bilen üpjünçiligi).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 10-26-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

 — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilim hakyndaky wagtlaýyn şahadatnamanyň nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2017-nji ýylyň 30-njy iýuly — 10-njy awgusty aralygynda Türkmen döwlet medeniýet institutynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

drama we kino aktýory hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak, telekinooperatorçylyk hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

estrada we sirk oýunlarynyň artisti, medeni-köpçülik çärelerini guramak we geçirmek hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

telewideniýe režissurasy, drama režissurasy, teatr öwreniş we dramaturgiýa hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

ses režissurasy hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

yşyk bilen bezemek hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

folklor toparyny guramak we dolandyrmak, milli tans toparyny guramak we dolandyrmak hünärleri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, hereket üsti bilen), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

höwesjeň aýdym-saz toparyny guramak we dolandyrmak hünäri — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak (sesi we saz gurallarynyň üsti bilen), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

medeniýeti öwreniş, taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek we dikeltmek, kitaphana işini guramak, muzeý işini guramak, iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi, ylmyň we tehnikanyň maglumatlar bilen üpjünçiligi hünärleri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

 — saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

 — çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114; tel.: 48-28-60.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler