Düýn 21-njy Martda türkmen halky Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlikde we şatlykda, ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylady. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, esasy dabaralar Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy.
“Nowruz ýaýlasynda” giňden tutulýan türkmen toýunyň şowhunly ýagdaýy emele geldi, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy. Baýramçylyk dabaralarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň çuňňur mazmunly eserleri, şeýle hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, açyklyga, zähmetsöýerlige we döredijilige esaslanýan däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.
“Nowruz ýaýlasynda” bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasynyň keşbi emele getirildi. Onda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş, maşgala bilen bagly parasatly däp-dessurlary, oba durmuşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň eserleri we senetleriň görnüşleri görkezildi.
"Nowruz ýaýlasynda" ýaýbaňlandyrylan baýramçylyga bagyşlanylyp, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti hem geçirildi.
Belläp geçsek, Nowruz baýramy 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynyň gün tertibiniň “Dünýä medeniýeti” bölüminiň çäklerinde 21-nji martda Halkara Nowruz gününi bellemek hakynda Kararnama kabul edildi.