Top.Mail.Ru

Lukaşenkonyň kasam kabul ediş dabarasy 25-nji martda bolar

17:2620.03.2025
0
15195

Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň kasam kabul ediş dabarasy 25-nji martda bolar diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparyna salgylanýan «Belta.by» habarlar gullugy habar berdi. Bu barada «INTERFAX.RU» ýazýar.

Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Prezidentiň kasam kabul edişi wezipä saýlanan gününden iki aýdan gijä goýmazdan, Ählibelarus halk ýygnagynyň agzalarynyň, Respublikanyň Geňeşiniň Wekiller palatasynyň deputatlarynyň we agzalarynyň, Konstitusion we Ýokary kazyýetleriň kazylarynyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirilýär.

Belarussiýada Prezident saýlawlary 26-njy ýanwarda geçdi. Merkezi saýlaw topary häzirki döwlet Baştutanynyň sesleriň 86,82 göterimini gazanandygyny, oňa saýlawçylaryň 85,6 göteriminiň gatnaşandygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň