Top.Mail.Ru

«Türkmen Berk–Metalyň» «Güneş» hojalyk himiýa önümleri

13:4720.03.2025
0
18374

«Türkmen Berk–Metal» kompaniýasy hojalyk himiýa serişdeleriniň «Güneş» haryt nyşanly önümler hataryny hödürleýär:

Kir ýuwujy serişdeler. Dürli matalardan tegmilleri täsirli aýyrmak üçin işlenip taýýarlanylan «Güneş» ýuwujy serişdeleri arassalygy we tämizligi üpjün edýär.

Suwuk arassalaýjy we ýuwujy serişde. Bu öýde ýüze çykyp bilýän dürli gaty görnüşli hapalary dolulygyna süpürip arassalamak üçin döredilen uniwersal önümdir. Ol ýaglary, kirleri we beýleki hapalary netijeli aýyrýar, islendik ýeriň tekiz ýüzüni ýalpyldadýar we bütinleý arassalaýar.

Tegmil aýyryjy. Matalara degen aýyrmasy kyn bolan tegmillerden arassalamak üçin ýöriteleşdirilen önümdir. «Güneş» tegmilleri aýyryjy serişdesi matanyň gurluşyna zeper ýetirmezden, dürli hapalary netijeli arassalaýar.

«Türkmen Berk–Metal» kompaniýasy önümleriniň hiline aýratyn üns berýär. «Güneş» önümler hatarynyň ähli serişdeleri önümçiligiň ähli tapgyrynda berk hil gözegçiliginden geçirilýär. Bu bolsa olaryň netijeliligini we howpsuzlygyny kepillendirýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, 56-njy jaý;
  • telefon belgileri: (+993 12) 59 51 92, (+993 64) 32 46 89, (+993 12) 76 18 60;
  • web saýty: turkmenberk-metal.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • elektron poçta salgysy: tberkmetal@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň