Noýabr aýynyň soňky günlerinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekilleri Almaty şäherindäki öňdebaryjy uniwersitetlerde bilim alýan türkmenistanly talyplar bilen birnäçe möhüm duşuşyklary guradylar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Hususan-da, Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Gazagystanyň üç sany iri ýokary okuw mekdebinde: K.I.Satpaýew adyndaky Gazagystanyň Milli gözleg tehniki uniwersitetinde, Abaý adyndaky Gazagystanyň Milli pedagogika uniwersitetinde hem-de Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetinde duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň dowamynda terbiýeçilik we bilim meselelerine aýratyn üns berildi. Ilçihananyň wekilleri talyplara şu tomusda bolup geçen möhüm waka — Astana şäherinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagynyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler.
Türkmen diplomatlary ýaşlaryň akademiki üstünlikleri, ýaşaýyş şertleri we daşary ýurt bilim gurşawyna uýgunlaşmaklary bilen içgin gyzyklandylar. Şeýle-de esasy üns ýaş nesli milli däp-dessurlar we ýokary ahlak gymmatlyklary ruhunda terbiýelemäge gönükdirildi.