Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy

16:2203.12.2024
0
15103
Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Surat: education.gov.tm

Ylym-bilim ulgamyna degişli düzümdäki türkmen wekiliýeti ýaňy-ýakynda Türkiýäniň Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy. Has takygy, 28-nji noýabrda Ankaranyň Sosial bilimler uniwersitetinde Türkiýäniň ylmy işgärleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda iki ýurduň belli alymlary we edebiýatçylary beýik türkmen akyldary, filosofy, şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň hazynasyna goşan goşandy, türkmen-türk dostluk-doganlyk hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky geljekki mümkinçilikler barada pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim mnistrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, 28-nji noýabrda günüň ikinji ýarymynda Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetinde hem duşuşyk guraldy. Bu ýerde uniwersitetiň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň türkmen dili mugallymy Berdi Saryýew, mugallym Seljan Şahin hem-de birnäçe talyplaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik boldy.

29-njy noýabrda TÜRKSOÝ Halkara guramasynyň Ankarada ýerleşýän ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň, bu Halkara guramanyň Magtymguly Pyraga bagyşlan kitabynyň, şeýle hem Türkmenistana – Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Şol günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň ilçihanasynyň binasynda Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu çärä Türkýäniň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, diplomatlar, belli edebiýatçylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen toparynyň, talyp ýaşlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň açylyş dabarasynyň yzysüre merkezde türkmen milliligine degişli käbir kitaplary, suratkeşleriň çeken suratlaryny, halkymyzyň el işlerini özünde jemleýän sergi guraldy. Soňra Magtymguly Pyragy adyndaky ylmy-barlag merkeziniň 1-nji maslahaty geçirildi.

«Bu ylmy-barlag merkeziniň açylmagy türkmen halkynyň gadymy we baý taryhyny, şol sanda edebiýatyny, däp-dessuryny, edim-gylymyny we özüni alyp barşyny. öwrenmäge hem-de dünýä ýaýratmaga täze itergi berer» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň