25-nji noýabrda Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew «Crans Montana» forumynyň we Bütindünýä diplomatiýa akademiýasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žan-Pol Karteron bilen duşuşdy. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň sosial sahypasynda habar berlişine görä, duşuşykda hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Karteron Aşgabatda abraýly halkara forumy guramaga gyzyklanma bildirdi. Çäräniň esasy maksady, Türkmenistanyň ýolbaşçylygyny ösdürmek, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, işjeň bitaraplyk syýasatyny görkezmek we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmekden ybaratdyr.
Žan-Pol Karteron energiýa, ulag, durnukly ösüş, şeýle hem ösýän ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy ýaly möhüm temalaryň forumyň gün tertibine girizilip bilinjekdigini aýtdy.
«Crans Montana» forumy, Dawosdaky Bütindünýä ykdysady forumyndan soň ikinji möhüm halkara çäredir.
Çäre möhüm yklym meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin dünýäniň baştutanlaryny, öňdebaryjy syýasatçylaryny, halkara guramalarynyň we kärhanalaryň wekillerini bir ýere jemleýär.