Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gandaş uniform»: ýörite lybaslara täzeçe garaýyş

11:5719.11.2024
0
14777

«Gandaş uniform» brendine wekilçilik edýän «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy ýörite lybaslar baradaky ozalky garaýyşlary üýtgedýär. Adaty sada görnüşli we birmeňzeş iş lybaslarynyň ýerine kompaniýa dürli iş ugurlary üçin owadan we funksional nusgalary hödürleýär.

«Gandaş uniform» toplumlary görnüşleriniň, biçüwleriniň we reňk çözgütleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň dizaýnerleri diňe bir berk hünär talaplaryna laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, her bir işgäriň aýratynlygyny görkezýän egin-eşikleri döretdiler. Rahat biçüw we tebigy matalaryň ulanylmagy uzak wagtlap geýlende hem iň ýokary amatlylygy üpjün edýär.

«Gandaş uniform» lybaslarynyň önümçiligi sintetiki materiallar goşulan tebigy süýümlere esaslanýar. Tikin üçin esasy materiallar: pagta, gabardin, batist, kotton we zygyr matalar. Bu matalar ýokary howa geçirijilige eýedir, bu bolsa deriniň dem almagyna mümkinçilik berýär we bedeniň aşa gyzmagynyň öňüni alýar. Mundan başga-da, «Gandaş uniform» ýörite lybaslary köp gezek ýuwulmaga ýeňillik bilen döz gelip, reňkleriniň ýagtylygyny we ilkibaşdaky keşbini saklaýar.

«Gandaş uniform» diňe bir ýörite lybaslar däl, bu işçileriň rahatlygy we howpsuzlygy baradaky aladanyň şöhlelenmesi. «Ýörite geýimler dünýäsi» ähli isleg bildirýänleri önümleriniň ýokary hiline we ajaýyp dizaýnyna baha bermäge çagyrýar.

«Gandaş uniform» brendiniň geografiýasynyň yzygiderli ösýändigini bellemek gerek. Häzirki wagtda bu brend Türkmenistanyň iň iri şäherlerinde hödürlenýär:

Aşgabat:

  • Magtymguly şaýoly, 124;
  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, dükan №D66.

Balkanabat:

  • Azatlyk (Swoboda) köç, «Hazar» söwda merkezi, 112-nji dükan.

Mary:

  • A.Nyýazow köç., «Aýnur» söwda merkezi (Tiz kömek binasynyň ýany).

Türkmenabat:

  • Gagarin adyndaky kiçi etrapça, Magtymguly şaýoly, bina 1/9.

Daşoguz:

  • «Rysgal» söwda merkezi, 3-nji gat, dükan №313А.

Şeýle hem Türkmenistanyň hemme ýerine eltip bermek hyzmaty hereket edýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň