Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň on aýynda täze kanunlaryň 23-si kabul edildi

09:3809.11.2024
0
20075

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipelerine bagyşlanan sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi.

Hökümet mejlisinde, ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” hem-de ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen bagly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, dürli ulgamlarda gatnaşyklary kadalaşdyrýan birnäçe kanunçylyk namalary öňdebaryjy halkara tejribä we milli ýörelgelere, döwrüň talaplaryna laýyk getirildi. Mejlisiň kararlarynyň 19-sy kabul edildi.

Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriň 14-sinden ynanç hatlary kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek meseleleri boýunça halkara guramalar bilen bilelikde geçirilen maslahatlaryň 98-sine gatnaşdylar. Mundan başga-da, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 33-si guraldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap kanun taslamalaryny taýýarlamagy hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygy nygtaldy. "Bu işde halkara tejribeden we milli ýörelgelerden ugur almaly. Şeýle hem dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak zerurdyr" diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň