Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi hanym Terhi Hakala ýakyn günlerde sebite ahyrky jemleýji saparyny amala aşyrar. Ol saparyň çäklerinde Türkmenistana hem barar diýip, ÝB-niň metbugat gullugy ýazýar.
Bellenilişi ýaly, bu sapar ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalaryny işjeňleşdirmäge mümkinçilik döreder.
Ilçi T.Hakala saparyň dowamynda Türkmenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda ýokary wezipeli döwlet işgärleri hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirer.
Ýeri gelende bellesek, ilçi hanym Terhi Hakala 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hökmünde diplomatik wezipesini ýerine ýetirip gelýär. Ol geçen 3 ýylyň dowamynda howpsuzlyk, energetika, howanyň üýtgemegi, suw, kanunçylyk, bilim we adam hukuklary ýaly ugurlary öz içine alýan sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdi.