Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda köp sanly halkara çäreleri geçirer

09:5004.10.2024
0
4319

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 3-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýakynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeler, öňde durýan işler barada çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde seredilen meselelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisine, Ministrler Kabinetine, Daşary işler ministrligine, syýasy partiýalaryna we jemgyýetçilik guramalaryna 2025-nji – "Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" bilen bagly dabaralaryň we çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek we bu babatda Döwlet guramaçylyk toparyny döretmek tabşyryldy.

Wise-premýer bular barada aýdyp, geçiriljek çäreleriň we dabaralaryň meýilnamasyny taýýarlamagy teklip etdi. Bellenilişi ýaly, şol meýilnamada Bitaraplyk syýasaty, parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy berkitmek, dialog medeniýetini ösdürmek, howanyň üýtgemegi we ekologiýa meselelerine bagyşlanylan dürli dabaralar, çäreler we işler öz beýanyny tapar.

Şeýle-de wise-premýeriň bellemegine görä, hususan-da, 2025-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilen sepgitleriň netijeleri we dünýä syýasatynyň geljegi bilen bagly meselelere bagyşlanylan halkara forumy, parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara parlament dialogyny, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli duşuşygyny, dialogy, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny barada halkara maslahaty, ýaşlaryň parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça halkara duşuşygyny, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň baş edarasynda parahatçylyga, ynanyşmaga we Bitaraplyga bagyşlanan halkara maslahaty, 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Ženewa parahatçylyk hepdeliginiň çäklerinde "2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli halkara çäreleri, 2025-nji ýylyň dowamynda BMG-niň Wena şäherinde ýerleşýän Halkara merkezinde dostluk dabarasyny geçirmek teklip edildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşy diňläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" diýlip yglan edilendigini nygtap, munuň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini görkezýändigini belledi.

"Biz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyzdan ugur alyp, ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli dabaralarydyr çäreleri guramaçylykly geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmelidigini nygtady.

Şeýle-de 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler bilen garşylamaga düýpli taýýarlyk görülmelidigi aýratyn bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň