Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

09:2930.09.2024
0
9949

Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy.

Şol gün bu ýerde dürli aralyga çapyşyklaryň 7-si geçirildi. Olaryň her birine atlaryň 12-si gatnaşyp, öz iň gowy häsiýetlerini açyp görkezdiler. 1600 metr aralyga geçirilen ilkinji üç çapyşykda üçýaşar atlar ýaryşdylar. Birinji çapyşykda 1 minut 52,1 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gönibek atly at görkezdi. Onuň çapyksuwary S.Çaryýew. Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup 1 minut 51,6 sekunt netije bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Bäherden” atçylyk hojalygyna degişli bolan Gülbahar atly gurt mele at geldi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar Y.Saparow. Üçünji çapyşykda 1 minut 53 sekunda deň bolan iň gowy netijäni “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli Dorsekil atly dor at görkezdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.

Galan soňky çapyşyklarda dört we uly ýaşar atlar ýaryşdylar. 1600 metr aralyga geçirilen dördünji çapyşykda pellehana ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Bäsleşik atly dor at geldi. Ol 1 minut 50,9 sekunt netije görkezdi. Çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar K.Öwezow. 1800 metr aralyga guralan bäşinji çapyşykda 2 minut 03,3 sekunt netije bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dagbedew atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar T.Babaýew. Şeýle aralyga altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Daýanjym atly dor at 2 minut 05,5 sekunt netije bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň çapyksuwary B.Bajamow. Şol aralyga geçirilen jemleýji, ýedinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda çekeleşikli bäsleşik boldy. Pellehana 2 minut 06,8 sekunt netije bilen ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at geldi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Ýeňiji bolanlara degişli sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň