Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dejavu» restorany «Maşgala gününe» çagyrýar

11:5228.09.2024
0
10605

29-njy sentýabrda «Dejavu» restorany hemmeleri ajaýyp «Maşgala gününe» çagyrýar! Şol gün uly ýaşlylar birlikde, çagalara hem örän şatlykly we ýatdan çykmajak täsir galdyrjak maksatnama garaşýar.

Günüň maksatnamasynda:

Sagat 11:00-da gül ekmek boýunça ussatlyk sapagy geçiler. Myhmanlar ösümliklere dogry ideg etmegi we ajaýyp gül bezeglerini döretmegi öwrenip bilerler.

Sagat 12:00-da «Kagyz diskotekasy» — çagalar we ulular üçin gyzykly hem özboluşly dynç alyş çäresi guralar.

«Dejavunyň» «Maşgala gününe» näme üçin gatnaşmaly:

- maşgalaňyz bilen wagt geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik;

- çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek;

- hyjuwlandyryjy, täsin duýgulardan püre-pür pursatlar.

«Dejavu» restoranynyň guraýan bu çäresinde ýerleriň sanynyň çäklidigini ýatladýarys. Şonuň üçinem hemmelere şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp stollary bronlamagy maslahat berýäris: (+993 60) 19 19 02, (+993 60) 19 19 03.

Restoranyň salgylary:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 10-njy kiçi etrapça, «Dagbaşy» binasy;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň